JEMGYÝET

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy gurulýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu ýerde döredilýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy, bag nahallaryny oturtmak boýunça kesgitlenen ýer bölekleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar hem-de çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde we onuň töwereklerinde ekiljek bag nahallarynyň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, olary seçip almaga ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň baş meýilnamasy, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, topluma gelýän ýoluň, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam hem-de toplumyň ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülmegine ünsi çekip, paýtagtymyzyň bu künjeginiň arassaçylyk we ekologik ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu künjekde güýzki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda ylmy taýdan esaslandyrylan bag nahallarynyň oturdylmagynyň möhümdigini belledi. Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde dürli görnüşli bag nahallary bolmalydyr, olar bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagyny üpjün etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi taryhda öçmejek yz goýan, özüniň nusgalyk eserleri bilen tutuş Gündogar halklarynyň söýgüsini gazanan akyldar şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň häzirki zaman görkezijilerine kybap gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem bu ýerde tokaý zolaklary döredilende, dag etekleriniň, baýyrlyklaryň howa aýratynlyklarynyň we tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagy zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygyny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri 2022-nji ýylda doly tamamlap, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp ulanmaga berilse, ýerine düşjekdigini belledi.

 

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady