JEMGYÝET

“Liwerpul” täze tälimçisini yglan etdi

Angliýanyň “Liwerpul” topary baş tälimçisi Ýurgen Kloppyň wezipesinden gitmegi bilen täze tälimçisini yglan etdi. Arne Slot toparyň täze tälimçisi boldy.

Niderlandly hünärmen mundan ozal “Feýennord” toparyna tälim berýärdi. Ol mundan soňra Kloppyň ornuny alar.

Habar berleşigine görä, slor 1-nji iýunda “Liwerpuldaky” resmi wezipesine girişer.

45 ýaşyndaky hünärmen “Feýennord” toparynda 3 möwsüm işledi. Şol döwürde 2023-nji ýylda toparyny Niderlandlar Patyşalygynyň çempiony etdi we 2 gezek ýurtda ýylyň tälimçisi derejesine eýe boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy