JEMGYÝETSPORT

Kuraş-2023: Türkmenistan 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda 14-nji gezek geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň birinji güni tamamlandy. Onuň dowamynda gyzykly hem-de çekeleşikli tutluşyklar geçirilip, türkmen türgenleriniň üstünligi bilen jemlendi.

Dünýäniň 53 döwletinden gelen köp sanly türgenleriň ençemesi ýaryşyň ilkinji güni bäsleşmek mümkinçiligine eýe boldular.

Mälim bolşy ýaly, ýaryşyň birinji gününde erkekleriň arasynda 90 kg, 100 kg we +100 kg agramda ýaryşlar geçirilip dur. Zenanlaryň arasynda bolsa, 48 kg, 52 kg, 57 kg, 63 kg we 70 kg agramda ýaryşlar guraldy.

Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň türgenleri 2 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medalyň eýesi boldular.

Türkmenistan döwletimize wekilçilik eden Dinara Rozykulowa hem-de Mariýa Lohowa altyn medal gazanyp, baýrakly orunlaryň iň ýokary basgançagyna çykdylar.

Şeýle hem bu dünýä çempionatynda Aýnur Amanowa, Aýşirin Haýdarowa hem-de Sanjar Abdyrahmanow final tapgyryna çykdylar. Olar final tapgyrlarynda garşydaşlaryna garşy mynasyp göreş alyp baryp, kümüş medalyň eýesi boldular.

Mundan başga-da, dünýä çempionatyna mynasyp wekilçilik eden Sapa Sapaýew, Ruslan Esgerow hem-de Gülşat Annaýewa bürünç medala mynasyp boldular.

Çempionatyň ilkinji gününde ýeňiji bolan türgenlere medallary, şahadatnamalary hem-de sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene-de okaň

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar