SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy ýene-de bir derman hasaba alyndy

Koronawirus ýokanjyna garşy ilkinji sanjymy işläp düzen Russiýa Federasiýasynda bu gezek koronawirus ýokanjyna garşy derman serişdesi hasaba alyndy. Bu barada rus metbugaty habar berýär.

Russiýa Federasiýasynda “Arepliwir” atly gönüden-göni koronawirus ýokanjyna garşy täsir edýän derman serişdesi hasaba alyndy. Ol şu ýylyň ahyryna çenli raýat dolanyşygyna çykarylar.

Bu derman serişdesi “Promomed” döwlet kärhanasy tarapyndan taýýarlandy. “Biohimik” kärhanasynyň önümçilik toplumynda bu derman serişdesiniň giň göwrümli önümçiligine girişiler we ol 2021-nji ýylyň dekabr aýynda saglygy goraýyş-bejeriş edaralaryna iberiler.

Koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen “Arepliwir” inýeksion derman serişdesi adaty tabletka görnüşinden has gowy, öýjüklere baryp ýetip, uzakmöhletleýin täsir edip, howpsuzdygy mälim edildi. Bu barada “Promomed” önümçilik kompaniýasy habar berdi.

“Covid-19” sebäpli 3 hepdelik çäklendirme

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar