SPORT

Kirsti Kowentri – Halkara Olimpiýa Komitetiniň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Zimbabweniň 2 gezek olimpiýa çempiony Kirsti Kowentri Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti wezipesine saýlandy. Gresiýada Halkara Olimpiýa Komitetiniň nobatdaky baştutanyny saýlamak üçin maslahat geçirildi.

Kowentri ilkinji tapgyrnda sesleriň köp bölegine eýe bolup, Halkara Olimpiýa Komitetiniň ilkinji zenan baştutany boldy.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysy wezipesine Sebastýan Kou (Beýik Britaniýa), Kirsti Kowentri (Zimbabwe), Huan Antonio Samaranç-kiçisi (Ispaniýa), Feýsal al-Huseýn (Irodaniýa), Dawid Lapartýan (Fransiýa), Morinari Watanabe (Ýaponiýa) we Ýohan Eliaş (Beýik Britaniýa) dalaşgär bolupdy.
Olaryň arasynda saýlanan Kowentri 24-nji iýunda wezipesine girişer. Ol Halkara Olimpiýa Komitetiniň şu wagtkdaky ýolbaşçysy german hünärmeni Tomas Bahyň ornuna geçer.
41 ýaşyndaky Kowentri 200 metr aralyga arkanlaýyn suwda ýüzmek boýunça 2 gezek Olimpiýa çempiony bolan türgenleriň biridir. Ol 2004-nji we 2008-nji ýyllaryň Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy. Şeýle hem ol 3 gezek dünýä çempiony boldy.
2018-nji ýylda bäri Kirsti Kowentri Zimbabweniň sport, dynç alyş, sungat we medeniýet ministri wezipesinde işleýär we 2023-nji ýylda Halkara Olimpiýa Komitetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalygyna saýlanypdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady