DÜNÝÄ

Kaýa Kallas: ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynda täze sahypa açylýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda boldy.

Ol bu saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdy we birnäçe möhüm ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Şeýle hem Kaýa Kallas saparynyň jemleri boýunça ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat brifingini geçirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Türkmenistana amala aşyran sapary barada özüniň “X” (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torundan şeýle diýýär:

– Türkmenistana özüniň ajaýyp paýtagtynda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygy üçin myhman alandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Biz geljek hepde geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitine taýýarlyk görmek üçin köp sanly möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşdyk.

Biz Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlykda täze sahypany açýarys.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy