SPORT

Kasemironyň şertnamasy uzadyldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Kasemironyň hyzmatdaşlygy dowam ederler. Kasemironyñ “Real Madrid” bilen şertnamasy 2023-nji ýylyñ 30-nji iýunyna çenli uzaldyldy we bu karar birnäçe aý mundan ozal kabul edildi diýip, “Marca” gazeti habar berýär.

Kasemiro “Real” toparynda 2013-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Madride transfer bolmazdan öñ, ol “San-Paulu” toparynda çykyş etdi. 2014/2015 möwsüminde ýarymgoragçy kärendede “Portu” toparynda çykyş etdi. Geçen tomusda bolsa ony Fransiýanyñ “PSŽ” topary transfer etmek isledi.

Kasemiro 2019/2020 möwsüminde 35 duşuşykda çykyp, 4 gezek ýardam pasyny we 4 gezek gol geçirmegi başardy.

Related posts

Messi Peläniň rekordyny täzeledi

Ata Watan Eserleri

Messiden topar ýoldaşlaryna “altyn” telefon

Ata Watan Eserleri

Žurnalistleriň arasyndaky II Şaşka ýaryşy geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjov