BILIM

Kaliforniýa Uniwersiteti Türkmenistanly hukukçy bilen geçirilen söhbetdeşligi köpçülige ýetirdi

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Kaliforniýa Uniwersitetiniň Dawis Hukuk Fakulteti, Türkmenistanly hukukçy Dr. Döwran Orazgylyjow bilen geçirilen ýörite söhbetdeşligi özüniň LinkedIn, Facebook we Instagram jemgyýetçilik torlarynda köpçülige hödürledi. Bu söhbetdeşlik Döwran Orazgylyjowyň akademik we hünär tejribesi barada giňişleýin maglumat berip, onuň Türkmenistan, Türkiýe we ABŞ-daky bilim ädimlerini we hukuk ugrundaky baý tejribesini öz içine alýar. Döwran Orazgylyjow hukuk ugrundan bakalawr, magistr we ylymlaryň doktory derejelerini Türkiýede alandygyny aýtdy.

LinkedIn’de paýlaşylan maglumatlarda, Döwran Orazgylyjowyň LLM talyplarynyň assosiasiýasy bolan ALSA-nyň Prezidenti wezipesini hem alyp barýandygy nygtalýar. Postuň girişinde şeýle diýilýär: “Hukuk, media we liderlik ugrundaky wezipeleri nähili utgaşdyrýandygyny bilmek isleýän bolsaňyz, onda doly makalany okamaga çagyrýarys!”

Döwran Orazgylyjowyň paýlaşan maglumatlaryna görä, ol Türkmenistanda 10 ýyldan gowrak wagt bäri daşary ýurt kompaniýalaryna hukuk hyzmatlaryny beripdir. Hususan-da, gurluşyk we maýa goýum pudaklarynda dürli taslamalara hukuk maslahatlary bilen goldaw beripdir. Türkmen hukukçysy, ýurdumyzdaky üstünlikli iş tejribesini dünýä derejesinde ösdürmek maksady bilen, Kaliforniýanyň Davis şäherindäki hukuk fakultetiniň LL.M. (Magistr) programmasyna gatnaşmak kararyna gelipdir.

Döwran Orazgylyjow bu programmanyň aýratynlyklary barada hem durup geçip, Davis şäheriniň myhmansöýer we howpsuz gurşawynyň, aýratyn-da, maşgalasy bilen gelenler üçin amatlydygyny nygtady. Ol Kaliforniýa Uniwersiteti bilen ilkinji gezek 2019-njy ýylda, soňra bolsa 2022-nji ýylda ABŞ Hukukyna Giriş we Hukukçylar üçin Iňlis Dili boýunça tomusky programmalarda gatnaşandygyny aýtdy. “Ýurduň daşynda hukuk ugrundan bilim almak mümkinçiligi bolmasa-da, dünýä belli hukuk mekdepleriniň tomusky programmalaryna gatnaşmak her hukukçy üçin uly tejribe bolýar” diýip, hukukçy aýtdy.

Bu söhbetdeşlikde Döwran Orazgylyjowyň diňe bir hukuk ugrundaky üstünlikleri däl, eýsem, Türkmenistanda esaslandyran “Atavatan Medýa” barada hem maglumat berildi. Döwran Orazgylyjowyň başlangyçda hobbi hökmünde döredilen bu media platformasy, häzirki wagtda 100 müňden gowrak yzarlaýjysy bilen, Türkmenistan we dünýä habarlaryny okyjylara ýetirip, işjeň hereket edýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Dr. Döwran Orazgylyjow birden köp ugry özleşdirmek isleýänlere özüniň çyn ýürekden maslahatyny berdi: “Ilki bilen özüňizi tanamaga synanyşyň we karar bermekde akyl bilen ýürek deňagramlygyny saklap, söýýän işiňizden gorkman ýapyşyň.”

Bu täsirli söhbetdeşlik, hukuk ugry bilen gyzyklanýan we Türkmenistandan daşary ýurtlarda özüni kämilleşdirmek isleýän ýaş hukukçylar üçin uly höweslendiriji bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkiýeden 90 uniwersitet abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girdi

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri-2025: Türkmenistandan 13 habarçy agza

Dünýäniň iň öňdebaryjy uniwersitetleri 2025: Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Times Higher Education» sanawyny esas alýar

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Türkmenistan-ÝB: bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk