SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Izmir Eurovelo we welosipedlı syýahatçylyk» maslahaty geçiriler

Ajaýyp kenar ýakasy, özüne bendi edýän tebigaty we gadymy şäherleri bilen Türk-Egeýiniñ kalbynda orun alan Türkiýäniñ Izmir şäherinde geçiriljek “2023 EuroVelo we Welosipedli syýahatçylyk” maslahatynyñ başlanmagyna sanlyja günler galdy. 2023-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda geçiriljek çäräniñ esasy maksady Ýewropada welosiped syýahatçylygynyñ ösdürilmegi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe welosiped syýahatçylygyny we durnukly syýahatçylygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, “Welosipedliler üçin amatly ýaşaýyş desgalar” şahadatnamasy atly taslamany durmuşa geçirýär. Şol şadatnama welosipedler üçin ygtybarly awtoulag duralgasyny üpjün edýän, ýerli welosiped ugury bilýän işgärleri, şeýle hem welosiped timarlaýjy meýdançalary bolan myhmanhanalara we beýleki ýaşaýyş desgalara berilýär.

Munuñ bilen baglylykda, agzalan maslahata gatnaşýan ähli hünärmenler “Welosipedliler üçin amatly ýaşaýyş desgalar” şahadatnamasyna eýe bolan myhmanhanalarda ýaşap Izmir şäheri bilen has ýakyndan tanyşmak pursadyna eýe bolarlar.

2023 EuroVelo we Welosyýahatçylyk maslahaty Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, agzalan ministrligiñ ýanyndaky Türkiýäniñ Syýahatçylygy mahabatlandyrmak we ösdürmek boýunça müdirligi (TGA) we Ýewropanyñ Welosipedçiler Federasiýasy (ECF) bilen hyzmatdaşlykda we Izmir şäher munisipalitetiniñ howandarlygynda guralýar.

«Mirasa täze garaýyş: Welosiped sporty»
diýen şygar astynda geçiriljek çärä bu ugurda zähmet çekýän bilermenleriñ, syýahatçylyk we ulag kähanalaryndan, degişli pudak edaralar we myhmanhanalardan wekilleriñ, şeyle hem beýleki gyzyklanýan taraplaryñ gatnaşmagyna garaşylýar.

11-nji oktýabrda Izmiriň senagat taýdan ähmiýetli desgalarynyñ biri bolan Taryhy Kömür-gaz zawodynda maslahatyñ açylyş dabarasy bolar. Maslahatyñ ıkinji gününde «Welosiped sporty: Mirasa täze garaýyş » atly plenar mejlisinde meşhur žurnalist Alex Crevaryñ, “Fancy Women Bike Ride” Guramasynyň guramaçysy we Italiýa Bikenomist kompaniýasynyñ Welosyýahatçylyk boýunça Sergilerden jogapkär müdiri Pynar Pinzutiniñ, zyýarat edilýän ýerleriñ medeni-mirasyny öwrenmekde welosipedli syýahatyñ oñyn netijeleri baradaky çykyşlary diñlener.

“Welosyýahatçylygyñ syýasy gün tertibine girizilmegi” diýlen mejlisde bolsa Türkiýäniñ Syýahatçylygy mahabatlandyrmak we ösdürmek boýunça müdirliginiñ (TGA) baş müdiriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Dr. Elif Baljy Fisunogly, Ýewropanyñ Welosipedçiler  Federasiýasynyň (ECF) baş müdiri Jill Warren we Ýewropa Parlamentiniñ öñki agzasy (MEP) Michael Crameriñ welosiped syýahatçylygynyň milli we halkara derejesinde ösdürilmegi boýunça garaýyşlaryny beýan ederler we onuñ syýasy gün tertibine girizilmegi meseleleri   ara alnyp maslahatlaşylar.

Has giñişleýin maglumat üçin: https://www.euroveloconferenceizmir.com/

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy