SPORT

Ispaniýanyň kubogynyň finaly: “El Klasiko” duşuşygy bolar

Ispaniýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşar. Nobatdaky “El Klasiko” duşuşygy 26-njy aprelde bolar.

“Barselona” topary kubok ýaryşynyň jogap duşuşygynda “Atletiko Madrid” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Toparlaryň birinji duşuşygy 4:4 hasabynda tamamlanypdy.

“Real Madrid” topary bolsa, “Real Sosýedad” toparyny ýeňip, finala çykmaga başardy.

Sewilýa şäherinde geçiriljek duşuşykda futbol janköýerleri nobatdaky “El Klasiko” duşuşygynyň şaýady bolarlar.

“Barselona” bilen “Real Madrid” topary Ispaniýanyň kubogynyň finalynda 8-nji gezek duşuşarlar. Mundan ozal toparlar 1936, 1968, 1974, 1983, 1990, 2011 we 2014-nji ýyllarda duşuşypdy. Bu duşuşyklaryň 4-ünde “Real” üstün çykypdy.

Geçen möwsümde Ispaniýanyň kubogynyň finalynda “Atletik Bilbao” bilen “Malýorka” toparlary duşuşypdy. Onda ýeňiş gazanan “Atletik Bilbao” topary boulpdy.

Umuman, Ispnaiýanyň kubogyny iň köp gazanan topar “Barselonadyr”. Bu topar 31 gezek ispan kubogynyň eýesi boldy. Ikinji orunda “Real” bolup, onuň kuboklarynyň sany 20-ä deňdir.

Ýene-de okaň

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar