SPORT

Ispaniýada futbol çempionaty täzeden başlar

Koronawirus pandemiýasy sebäpli mart aýynda arakesme yglan edilen Ispaniýanyň futbol çempionaty 20-nji iýunda täzeden başlar. Bu barada “Leganes” toparynyň  baş tälimçisi Havier Aguirre habar berdi.

Ispaniýanyň Futbol Federasiýasy “La Liganyň” resmi taýdan başlanjakdygyny entek yglan edilmedi. Şeýle-de bolsa, Havier Aguirre liganyň ýolbaşçylaryndan 20-nji iýunda çempionatyň täzeden başlamagy barada hat alandygyny aýtdy. Duşuşyklar hepdede iki gezek tomaşaçylar bolmazdan – çarşenbe / penşenbe we şenbe / ýekşenbe günleri geçiriler diýip, “RIA Nowosti” habarlar gullugy habar berýär.

Ispaniýanyň çempionaty 26-njy iýulda tamamlanar. “La Ligada” meýilnama laýyklykda 38 tapgyryň 27 tapgyrynyň duşuşyklary geçirilipdi.

Ýurduň hökümeti hem türgenleşik geçirmäge rugsat berdi. “Barselona” toparynyň futbolçylary “COVID-19” wirusy boýunça barlagdan geçdi. Kataloniýa klubynyň ýekeje futbolçysyndan hem koronawirus ýokanjy çykmady. Bu topar 27 tapgyrdan soňra 58 utuk bilen birinji orunda barýar.

Related posts

Iň köp gazanýan türgenler

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň taryhy rekordy: iň köp gol geçiren futbolçy

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi