SPORT

UEFA-nyň Superkubogy ilkinji gezek Russiýada geçiriler

UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk ilkinji gezek Russiýa Federasiýasynda geçiriler. Ýewropanyň Futbol Bileleşikleriniň Assosiasiýasynyň (UEFA) metbugat gullugyndan habar bermegine görä, bu duşuşyk 2023-nji ýylda geçiriler. Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň ýeňijileriniň arasyndaky duşuşyk Russiýa Federasiýasyna degişli bolan Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde oýnalar.

Duşuşyk «Kazan-Arena» stadionynda oýnalar. Häzirki wagta bu meýdançany “Rubin” topary ulanýar.

Şeýle hem UEFA-nyň Superkubogynyň 2022-nji ýyldaky duşuşygy Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda UEFA-nyň Superkubogyny iň soňky gezek gazanan Angliýanyň “Liwerpul” toparydyr.

Related posts

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary nobatdaky ýeňşini gazandy

Ýewropada möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlandy

Ata Watan Eserleri