ATAWATAN ESERLERİ

Iň Gowy 25 Eseriň Awtoryna ýörite teklip

«Üstünlik  gazanmagyň ýollary» mowzugy esasynda ylgan edilen döredijilik bäsleşigine gatnaşmagyň özi hem üstünlige tarap ynamly ädimleriň biri diýip kabul etseň bolar. Sebäbi bu bäsleşige gatnaşmak üçin ilki bilen köp okamak we gündelik iş aladalarymyzdan saplanyp, özümiz bilen baş-başa galyp, elimize galam almak ýa-da kompýuteriň başynda oturmak gerek. Bu bolsa, belli bir derejede özümize erk etmegi talap edýär…

Jemi 121 eser ýaryşa hödürlendi.

«Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com resmi saýtynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Ata Watan Eserleri» döredijilik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna jemi 121 eser hödürlendi. Şol eserlerden 72 eser saýtymyza ýerleşdirilip, häzirki wagtda galan 35 eser eminler topary tarapyndan içgin seljerilýär we ortaça 50 bal alan eser gysga wagtda saýtymyza ýerleşdiriler. Bäsleşige hödürlenen 14 eser bolsa bäsleşigiň şertlerine laýyk bolmanlygy sebäpli saýta ýerleşdirilmedi. Bäsleşigiň netijeleri 2020-nji ýylyň mart aýynyň 30-yna sagat 15:00-da belli bolar.

Sizden gelenler — Size garaşýar

Şu ýerde bir zady bellemek isleýäris. Ýagny, saýtymyzda aýratyn bir bölümiň açylýandygyny size habar berýäris. Bu bölüm okyjylar tarapyndan ýazylan habarlary we eserleri neşir etmäge niýetlenendir. Okyjylarymyz öz ýazan makalalarynyň, eserdir habarlarynyň awtoryny görkezmek şerti bilen saýtymyza ýerleşdirilmek üçin atawataneserleri@gmail.com salgysyna «Sizden gelenler» belligi bilen iberip biler. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, döredijilik bäsleşigine hödürlenen, emma köplenç ýagdaýda ýazylan eser, «Üstünlik gazanmak» temasy boýunça ýazylmanlygy sebäpli «Ata Watan Eserleri» bäsleşiginiň bu tapgyryna gatnaşdyrylmaýan eserleriň awtorlarynyň razylygy bilen, şol eserleri saýtymyzyň «Sizden gelenler» bölümine awtoryň adyny görkezmek bilen ýerleşdirmek isleýändigimizi mälim edýäris.

Bäsleşik jemlenenden soňra, ilkinji 10-lyga giren eserleriň awtorlaryna öň yglan edilen baýraklarymyz we hormat hatlar gowşurylar. Emma bäsleşigiň döredijilik topary bäsleşige öran gymmatly we manyly köp sanly eserleriň gelip gowuşandygyny hasaba alyp, bäsleşige hödürlenen eserleriň üstünlik ulgamynda esasan hem ýaşlara gymmatly gollanma boljakdygyny göz öňünde tutup  «Üstünlik gazanmagyň ýollary» ady bilen E-kitap neşir eder. Şol neşir ediljek eserler bolsa, nobatdaky bäsleşigimize gatnaşýan «Iň gowy 25 eserden» jemlener. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bäsleşik jemlenenden soňra bu 25 eseriň awtoryna E-kitap taýýarlamak ulgamynda goşmaça «galam hakyny» hem öz içine alýan ýörite teklip garaşýar.

Görşimiz ýaly, üstünlik gazanmak ulgamynda yglan eden bäsleşigimiz ýene-de täze bir üstünlige ýetirýär ýagny, köp sanly awtorlaryň gatnaşmagynda  ene dilimizde ýazylan täze kitabyň dünýä inmegine sebäp bolýar diýip bellesek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Gyzykly ýeri bu kitabyň mowzugy hem üstünlik ahyryn! Şu ýerde geljekde yglan etjek bäsleşigimiziň mowzugynyň hem kitap bilen baglanşykly boljakdygyny aýdyp geçsek ýerlikli bolar.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri