TEHNOLOGIÝA

Ilon Maskyň kompaniýasy Gazagystanyň oba mekdeplerini internet bilen üpjün eder

Dünýä belli işewür Ilon Maskyň kompaniýasynyň alty aýyň dowamynda Gazagystanyň 2 müň sany oba mekdebini internet bilen üpjün eder. Bu barada Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministri Bagdat Musin habar berdi.

Gazagystanda «Digital Bridge 2023» atly halkara tehnologiýa forumy geçirildi. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Ilon Maskyň eýeçilik edýän “SpaceX” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Loren Dreýer hem gatnaşdy.

– Foruma “SpaceX” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary geldi. Onuň bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirdik. Amerikan kompaniýasynyň wekili hormatly Prezident bilen geçirilen duşuşykda uzak ýerlerde ýerleşýän oba mekdepleriniň 2 müňüsine “SpaceX Starlink” tehnologiýasynyň kömegi bilen internet üpjünçiligini döretmek babatda ylalaşdy. Alty aýyň dowamynda bökdençsiz ýagdaýda 2 müň oba mekdebine “Starlink” arkyl ýokary tizlikli internet berler  – diýip, ministr belledi.

Onuň bellemegine görä, “SpaceX Starlink” tehnologiýasynyň kömeginden diňe bir oba mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary peýdalanman, eýsem beýleki oba ýaşaýjylary hem peýdalanarlar.

Ministr munuň oba ýerlerine internet üpjünçiligi üçin şert döretjekdigini belläp, obalara 100-200 Mbit tizlikde internet birikdirilen halatynda oba ýaşaýjylarynyň ondan peýdalanyp biljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar