MEDENIÝET

Ilon Maskyň durmuşy barada film surata düşüriler

Dünýäniň iň görnükli we baý adamlaryndan biri Ilon Maskyň durmuşy filme öwrülýär. “Tesla”, “SpaceX” we “Twitteriň” eýesi Maskyň durmuşy Oskar baýragynyň eýesi Aleks Gibni tarapyndan surata düşüriler.

Dokumental film reanrynda boljak film barada Ilon Mask twitter hasabyndan habar berdi. Ilon Maskyň dokumental filmi “Jigsaw Productions”, “Closer Media”, “Anonymous Content” we “Double Agent” tarapyndan öndüriler.

Dokumental film žanrynda film döreden meşhur režissýor Aleks Gibni karýerasynyň dowamynda “Going Clear: Scientology and the Prison of Belief” we “Steve Jobs: The Man in the Machine” ýaly filmleriň režissýorydyr.

 

Related posts

Teatrlara hukuk derejesini bermegiň tertibi tassyklanyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaglyk daňlyşynyň görnüşleri: Gelin-gyzlarymyz üçin

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda üýtgeşik käriziň üstünden baryldy

Leave a Comment