TEHNOLOGIÝA

Ilkinji sürüjisiz awtobus Şotlandiýada ýola goýuldy

Edinburg şäherinde ilkinji awtonom, öz-özi hereket edýän awtobus ugry hereket edip başlady. Bu awtobus ugry Şotlandiýanyň paýtagty bilen Firt-of-fort aýlagy tarapyndaky Faýf okrugyny birleşdirýär.

“BBC News” agentliginiň habar bermegine görä,  resmi taýdan sürüjisiz awtobus hasap edilýändigine garamazdan, onuň 2 admdan ybarat ekipažy bar. Olar häzirki wagtda awtobusyň awtonom hereket edýän döwründe onuň teknologik enjamlarynyň işleýşine gözegçilik edýär. Şeýle hem olar ýolagçylaryň münüp-düşmegi we olaryň petekleriniň barlagynyň işini utgaşdyrýarlar.

Bu ugurda iş alyp barýan kompaniýa hepdede şeýle awtobuslarda 10 müň adamy gatnatmagy meýilleşdirýär. Awtobus oňa ýerleşdirilen kompýuteriň esasynda düzülen ugur boýunça hereket edip, 21 kilometrlik aralykda 75 km/sagat tizlikde hereket eder.

AB1 atly hasaba alnan ugur ýurtdaky ilkinji sürüsijiz awtobus gatnaw ugyr hökmünde hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi