TEHNOLOGIÝA

Ilkinji “iPhone” auksionda satyldy

Möhür bilen gaplanan ilkinji “iPhone” smartfony “RR Auction” onlaýn auksionynda satyldy. Onuň bahasy 35 müň 414 dollara deň boldy. Bu smartfon satyn alnandan bäri bir gezek hem açylmandyr. Bu barada “ZDNet” neşiri habar berýär.

Bu telefonyň ozalky eýesi ony 2007-nji ýylda 599 dollara satyn alypdyr. Ol dünýä belli “iPhone” kysymly telefonlaryň “A1203” modeli bolup, onuň içerki ýady 8 GB-a deňdir.

Onlaýn auksionyň wekilleriniň bellemegine görä, telefonyň gabynda “iPhone”-yň 12 belgili suraty ýerleşdirilipdir. Ol hem “Apple” kompaniýasynyň ilkinji öndüren telefonlarynyň biridigini tassyklaýar. 13-nji belgi bolan “iTunes” 2007-nji ýylyň ahyrynda çykypdy.

Bu telefon “Apple. Jobs we kompýuter enjamlary” atly auksionyň çäklerinde satyldy. Bu auksiona kompaniýanyň 70-e golaý dürli enjamlary satuwa çykaryldy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi