JEMGYÝET

Ilkinji çekilen gol satyldy

Yragyň Uruk diýilýän gadymy mekanynda ýüze çykarylan, şumerlere degişli bolan 5 müň ýyllyk ýazgyly daş bölegi satyldy. Angliýada geçirilen bir bäsleşikli söwdada bu taryhy tapynda 175 müň sterling töläp bilen adam tapyldy.

Taryhdaky ilkinji gol hökmünde bilinýän we ýüzündäki şekillerden «Ku» we «Sim» ýazgylaryny okamak başardan daş bölegi gadymy Mesopotamiýadan habar berýär. Ony amerikaly bir kolleksioner satyn aldy.

Taryhdaky ilkinji mälim bolan adam ady hökmünde bilinýän Kusimiň bir ýazyjy ýa-da buthana dolandyryjysy bolandygy çaklanylýar. Ýazgydaky nyşanly şol döwürleriň zähmet joşgunyny hem beýan edýär. Ol Mesopotamiýany täzeden we çynlakaý öwrenmekde hem uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende aýtsak, Kuşime degişli şeýle bölekleriň ýene-de 17-si mälimdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar