DÜNÝÄ

Ildeşlerimizi Mekge-Medinä ugratmak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiz iş saparynyň çäklerinde Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow Milli Liderimize täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Häzirki döwürde ýurdumyzda türkmençilik däplerini dowam etdirmek, Gurban we Oraza baýramlaryny degişli derejede bellemek babatda zerur tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ýurdumyzda üç günläp mukaddes Gurban baýramy bellenilýär.

Türkmenistanyň müftüsi şol günlerde haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän watandaşlarymyzyň ýüzlerçesini Mekgä we Medinä ugratmak, bu ugur boýunça howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza din wekilleriniň we ähli halkymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, şu günler hem Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinde haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýän ildeşlerimizi Mekge-Medinä ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu işleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy