DÜNÝÄ

Ilçi Gismat Gozalow: Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanda doganlyk Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Azerbaýjan halkynyň Milli Lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 103 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärede eden çykyşynda belläp geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Azerbaýjan halkynyň Milli Lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 103 ýyllygyna bagyşlanan “Azerbaýjan-Türkmenistan: doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary” atly tema boýunça çäre geçirildi.

Bu çäräniň dowamynda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow ýokary okuw mekdebiniň dürli fakultetlerinden gatnaşan talyplara leksiýa berdi.

Şol leksiýada iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Hususan-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada ilçi Hismat Gozalow geljek aýda Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

2025-nji ýylyň 13-15-nji oktýabry aralygynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirilendigine ünsi çeken Azerbaýjanyň ilçisi talyplary bu möhüm medeni çäräniň dowamynda geçiriljek ajaýyp wakalaryň şaýady bolmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan Gazagystanda metjit gurdy

Azerbaýjan Türkmenistanyň Mejlisiniň geçiren konstitusiýa boýunça onlaýn maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada

Türkmenistan ICESCO-da synçy derejesine eýe boldy