PEÝDALY MASLAHAT

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi haýsy edaralar tarapyndan düzgünleşdirilýär?

“Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ilatyň iş bilen üpjünçiligini düzgünleşdirýän döwlet edaralary bolup durýar.

“Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda, welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkimi ilaty iş bilen üpjün etmek meseleler boýunça işini sazlaşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran 11992 belgili Karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň dördünji bölegine laýyklykda, bu ministrlik ilaty iş bilen üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

Çeşme : minjust.gov.tm

Ýene-de okaň

Nowruz ýaýlasyna awtobus gatnawlary guralar

Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin iş orunlary yglan edildi

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag