SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi 1 hepdeligine resminamalary resmileşdirmegi togtadýar. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Ilçihananyň berýän bildirişinde hususan-da şeýle diýilýär. 

– Ýetip gelýän Hytaý baýramçylygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwary-4-nji fewraly aralygynda Ilçihananyň konsullyk bölümi resminamalary resmileşdirmek boýunça arzalary kabul etmek işini togtadýar. Döredilen oňaýsyzlyk üçin sizden ötünç soraýarys.

Hytaý Halk Respublikasy şol döwürde Täze ýyl baýramçylygyny belleýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Hytaý çaga lukmançylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Bişkek-Urumçi awiagatnawlar dikeldilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy