JEMGYÝET

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda R.Meredow hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça çalt depginde ösýändigini we iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrurlarynyň biri energetika hyzmatdaşlygy bolup durýandygy nygtaldy we bu ugurda gaz hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki iş toparynyň alyp barýan işiniň wajyplygy beýan edildi.

Taraplar iki ýurduň gyzyklanýan kompaniýalay bilen işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde täsirli gural bolup biljek Türkmen-hytaý işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine hem seredip geçdiler.

Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlary maýa goýum pudagy, sanly we ýokary tehnologiýalar, himiýa senagaty we kosmos, şeýle hem oba hojalygy bolup durýar.

Söhbetdeşler ulag we logistika, şeýle hem medeni we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy