JEMGYÝET

Messi altynjy “Altyn topuny” gazandy

«Barselonanyň» hem-de Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi «France Football» tarapyndan 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, Leo altynjy gezek bu abraýly baýraga mynasyp bolan ýeke-täk futbolçydyr.

32 ýaşly futbolçy ss berlişigiň netijesinde «Liwerpulyň» goragçysy Wirjil wan Deýki hem-de «Ýuwentusyň» portugal hüjümçisi Kriştianu Ronalduny yzda galdyrdy.
Messiniň sentýabr aýynyň ahyrynda FIFA tarapyndan 2018 ― 2019-njy ýyllaryň futbol möwsüminiň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlanyp, «The Best» baýragyna hem mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Altyn topuň» ilkinji onlugy:
1. Lionel Messi (Argentina, «Barselona»)
2. Wirjil wan Deýk (Niderlandiýa, «Liwerpul»)
3. Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa, «Ýuwentus»)
4. Sadio Mane (Senegal, «Liwerpul»)
5. Muhammad Salah (Müsür, «Liwerpul»)
6. Kilian Mbappe (Fransiýa PSŽ)
7. Alisson (Braziliýa, «Liwerpul»)
8. Robert Lewandowski (Polşa, «Bawariýa»)
9. Bernardo Silwa (Portugaliýa, «Mançester Siti»)
10. Riad Marez (AlŽir, «Mançester Siti»)
PariŽde geçirilen dabarada başga-da käbir ugurlar boýunça iň gowular yglan edildi:

«Ýylyň iň gowy zenan futbolçysy» – Megan Rapino (ABŞ)

«Ýylyň iň gowy derwezewany» (Lew Ýaşin baýragy) – Alisson Beker (Braziliýa, «Liwerpul»)

«21 ýaşa çenli iň gowy futbolçy» («Copa Trophy») – Matteýs de Ligt («Ðýaks»/«Ýuwentus», Niderlandlar).

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar