JEMGYÝET

Iň kiçi dinozawryň aýak yzyny tapdylar

Hytaýdan, ABŞ-dan, Germaniýadan we Awstraliýadan bolan paleontologlaryň halkara topary stegozawr maşgalasyna degişli we häzirki pişikden has uly bolmadyk dinozawryň aýak yzyny tapdylar.

“Palaios” žurnalynda çap edilen ylmy makaladan görnüşi ýaly, alymlar 100 ýyl mundan ozal pişigiň ululygyndaky dinozawryň goýup giden aýak yzlaryny suratlandyrdylar, ol 5,7 santimetr uzynlygyndadyr.

Alymlar tapylan aýak yzynyň stegozawryň çagasyna degişli bolup biljekdigini belleýärler. Bu takmynan 145-155 million ýyl ozal, ýura döwrüniň ahyrynda ýaşanot iýýän dinozawrlarynyň bir görnüşidir.

Bu aýak yzlary Hytaýyň Sinszýanda tapylandygy bellenildi.

«Galkynyş» käni: 3.9 milliarddan gowrak tebigy gaz eksporty

Related posts

Mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler

Dr.Döwran Orazgylyjov

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri