BIZNES

Hytaýda ykdysady galkynyş başlady

Maý aýynda Hytaýyň eksporty geçen ýyl bilen dollar görnüşinde deňeşdirilende 28 göterim töweregi ýokarlandy. Import 51,1 göterim ýokarlandy, bu bolsa 2010-njy ýyldan bäri rekorddyr. Bir aýyň dowamynda söwda balansy gowy netijesi 45,5 milliard dollary düzýär.

Bu barada «Bloomberg»: «Ýurtda söwda «tupany» başlandy» diýip ýazýar.

Daşary ýurtlarda hytaý harytlaryna isleg artýar. Çalt ösüş harytlara bolan islegi ýokarlandyrdy, bu bolsa haryt bahalarynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Ýylyň soňky bäş aýynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 23,6 göterim ösdi (50,65 milliard dollara çenli). Russiýanyň eksporty 35,3 (22,921 milliard dollar), Russiýanyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň importy 15,4 göterim ýokarlandy (27,735 milliard dollar).

Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşygy bäş aýda 52,3 göterim artyp, 279,64 milliard dollary düzýär. Şu ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň ykdysadyýeti  rekord derejede  18,3 göterim ösen bolsa,geçen ýylyň degişli döwründe ol 6,8 göterim peseldi.

Ykdysady ösüşe birnäçe sebäpler öz täsirini ýetirýär. Meselem, içerki islegiň ýokarlanmagy, zähmet bazaryndaky durnuklylyk, işläp çykaryşyň  ýokary öndürijiligini üpjün etmek we telekeçileriň garaşýan  netijelerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

 

Türkmenistanyň “Döwlet-hususy hyzmatdaÅŸlygy hakyndaky” Kanuny güýje girdi

 

 

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi