SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda ingalýasion usuldaky koronawirus sanjymy tassyklandy

Dünýäde ilkinji bolup, Hytaýda ingalýasion usuldaky koronawirus sanjymy tassyklandy. Bu derman serişdesi Hytaýyň “CanSino Biologics” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Bu sanjym Hytaýyň Derman serişdelerini düzgünleşdirýän edarasy tarapyndan tassyklandy. Ony dem almak arkaly ulanmak göz öňünde tutulýar.

Bu tassyknama Hytaýyň kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň 7 göterim artmagyna mümkinçilik berdi. Bu sanjymy buster dozasy hökmünde ulanmak maslahat berilýär.

– Biziň işläp düzen sanjymymyzyň tassyklanmagy kompaniýamyzyň işlerine oňyn täsirini ýetirdi. Sanjymyň satyn alnyp, döwlet edaralarynda ulanyljakdygyna umyt bildirýäris – diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Bu sanjymyň synag edilip, oňyn netijeler alnandygy mälim edildi. Ýöne Hytaýyň bazarynda koronawirus sanjymlary babatda ýokary bäsdeşlik bar. Köp sanly kompaniýalar koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlary işläp düzdiler.

Şonuň üçin bu kompaniýanyň sanjymynyň ýurduň çägindäki we dünýä derejesindäki koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýa bagly bolup galýar.

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi