TEHNOLOGIÝA

Hytaý Azerbaýjanda elektrikli awtobus öndürer

Hytaýyň “BYD Company Limited” kompaniýasy Azerbaýjanda elektrikli awtobus önümçiliginiň başlangyç tapgyrynda 34 million dollar gönükdirer.

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň habar bermegine görä, zawod 2025-nji ýylda işläp başlar we onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 500 awtobusa deň bolar.

Zawod Sumgaýt himiýa-senagat parkynda gurlar we 800 täze iş ornunyň döremegine mümkinçilik berer.

Hytaýyň “BYD Company Limited” kompaniýasynyň ýerli wekili «Electrify Azerbaijan» firmasy bolar. “Azerbaýjan maýa goýum kompaniýasy” bu taslamanyň maýadarlarynyň biri bolar.

Hytaý kompaniýasy taslamany durmuşa geçirmegiň üçünji ýylynda Azerbaýjanda elektrikli awtobuslar üçin ätiýaçlyk şap-sepleriniň önümçiligini ýola goýar we bu ugurda degişli barlaglar ýola goýuldy.

Şeýle hem ylalaşyga görä, “BYD” kompaniýasy 2024-nji ýylyň noýabrynda Azerbaýjanda geçiriljek “COP29” howa sammiti üçin elektrikli awtobuslaryň üpjünçiligini amala aşyrar.

Mundan başga-da, geljekde hytaýly kompaniýanyň gatnaşmagynda Azerbaýjanda ýokary ýük göterijiligi bolan ýük elektrikli ulaglaryň önümçiligini guramak meýilleşdirilýär. Bu taslamalar üçin kompaniýa geljekde ýene-de 60 million dollar gönükdirer.

Ýene-de okaň

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler