BIZNES

Hytaý “Airbus” kompaniýasyndan 100 uçar satyn alar

Ýewropanyň “Airbus SE” aerokosmos korporasiýasy Hytaýyň iri awiakompaniýalary bilen “Airbus A330neo” kysymly uçarlardan 100-den gowragy satmak babatda gepleşikler geçirýär.

“Bloomberg” agentliginiň habaryna görä,  “Air China”, “China Southern Airlines”, “China Eastern Airlines” ýaly kompaniýalar bilen gepleşikler geçirilýär.

“Airbus” kompaniýasy hytaýyň bazarynda ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýays bilen bäsdeşligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem “Airbus” kompaniýasy Hytaýda işjeň maýa goýum alyp baryp, “A320” kysymly uçarlaryň ýygnalmagy üçin zawodyny işe girizdi.

2024-nji ýylyň başynda “Airbus” kompaniýasynyň kapitaly 11 göterim artyp, 122.9 milliard ýewro deň boldy.

Related posts

5G tizlik aprelde geler

vepa

«Rysgal» bankyň «Internet bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany 1800 adamdan geçdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmen Sähra – 2020» maglumat portaly açyldy

Ata Watan Eserleri