BIZNES

Balkan welaýatyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalar

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen taslamalara seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Muhammedow we Ç.Gylyjow bu taslamalar barada hasabat berdiler.

Hususan-da wise-premýer M.Muhammedow geljek 7 ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident maksatnamasynyň çäklerinde geljek ýyllarda welaýatyň senagat pudaklarynyň ählisine iri maýa goýumlaryny çekmek, sebitiň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny we dünýä tejribesini, innowasion hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, energetika, dag-magdan ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demirýolunyň, Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň ulag-logistika ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, Jebel şäherçesinde halkara hoa menzilini gurmak we ulanmaga bermek, geljegi uly wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.

Şeýle hem şypahana we syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak teklip edilýär.

Durmuş ulgamyna döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we inženerçilik desgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.

TELEKEÇILERIŇ 14 TASLAMASY GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAR

Wise-premýer Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Balkan welaýatynda oba hojalyk, azyk hem-de senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky teklipleriň işlenip taýýarlanandygyny hasabat berdi.

Şol teklipleriň hatarynda suw tygşytlaýjy usullary ulanmak arkaly gök önümlerini, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalary hem-de azyk önümlerini saklamaga niýetlenilen sowadyjy ammarlary gurmak boýunça taslamalaryň 14-si bar.

 

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana ulanmaga berler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler