JEMGYÝET

Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

Şu gün Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind döwlet sapary bilen ýurdumyza geldi. Hormatly myhmany paýtagtymyz Aşgabatdaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman üçin hormat garawuly düzüldi. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhmanyny mähirli garşylady we bu ýerde resmi garşylamak dabarasy guraldy. Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy.

Soňra resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti sapary döwründe öz üçin niýetlenen “Ýyldyz” myhmanhanasyna ugrady.

Ertir, ýagny 2-nji aprelde ýokary derejede türkmen-hindi gepleşikleri geçiriler. Onda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy