DÜNÝÄ

Hindistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine hanym Madhumita Hazarika Bhagat bellendi. Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär. Bu wezipä bellenmezden ozal, hanym Madhumita Bhagat Hindistanyň Kiprdäki ýokary komissary wezipesinde işledi.

Hindistanyň Türkmenistandaky häzirki ilçisi Dr. Widhu P.Nair Hindistanyň Angola Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellendi.

Türkmenistana bellenen ilçi Madhumita Bhagat 1999-njy ýylda Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň düzümine goşuldy we tejribeli diplomatdyr. Ol Nýu-Delide syýasat bilimi ugry boýunça bilim aldy, şeýle hem hukuk ugry boýunça magistr derejesiniň eýesidir.

Madhumita Bhagat diplomatik işini Hindistanyň Moskwadaky ilçihanasynda başlady. Soňra Hindistanyň Gazagystandaky ilçihanasynda işledi. Şeýle hem ol Söwda ministrliginde hem işledi.

2011-2014-nji ýyllarda täzeden Moskwada işlän Madhumita Bhagat 2014-2017-nji ýyllarda Hindistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynda diploatik wekilhananyň başlygynyň orunbasary boldy.

Ýokary komissar Madhumita Bhagat Hindistanyň ilkinji milli utgaşdyryjy hem boldy.

Madhumita Bhagat hindi, rus, assam, bengal we penjab dillerini bilýär.

Tejribeli diplomatyň bir ogly we bir gyzy bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar