DÜNÝÄ

Hindistan täze prezidentini saýlaýar

Hindistanda deputatlar ýurduň 15-nji Prezidentini saýlamak üçin saýlawlara gatnaşýarlar. Ýurduň iň ýokary döwlet wezipesi üçin 2 dalaşgär bäsleşýär. Olar – Milli-demokratik alýansyň dalaşgäri Draupadi Murmu hem-de “Ählihindi Trinamul” partiýasynyň dalaşgäri Ýaşwant Sinhdyr.

Ýurduň häzirki Prezidenti, ýagny 14-nji döwlet Baştutany Ram Nath Kowindiň wezipe möhleti 24-nji iýulda tamamlanýar. Şonuň üçin ýurtda saýlawlar geçirilýär.

Hindistanda döwlet Baştutany halk tarapyndan däl-de, parlament we welaýat mejlis agazalary tarapyndan saýlanýar. Saýlawlara ýurduň parlamentiniň 2 palatasy, şeýle hem 28 ştatyň we 2 territoriýanyň, ýagny sebit parlament wekilleri gatnaşýar. Jemi, 4,8 müň wekil saýlawlarda ses berýär.

Saýlawlaryň jemleri 21-nji iýulda mälim ediler. Sesleri sanamak düzgüni hem çylşyrymlydyr. Her bir saýlawçynyň sesiniň ähmiýeti onuň ýerleşýän ştatynyň ilatynyň sanyna görä kesgitlenýär.

 

Eýranda dünýäniň iň uly kilimi dokaldy

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ženewa sapary

Ata Watan Eserleri

Ýer titremä çydamly edip gurlan desgalar

Türkmenistan Owganystana goldawyny dowam etdirer