Duşenbe. 1895-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Wurzburg uniwersitetiniň professory we rektory nemes fizigi Wilgelm Konrad Rentgen “rentgen” – “hemme taraplaýyn” şöhleleri oýlap tapdy.
Sişenbe. Her ýylyň 9-njy noýabrynda Bütidünýä kärende güni bellenilýär. Bu günüň dürli ykdysady, söwda, alyş-çalyş işlerini amala aşyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
Çarşenbe. 10-njy noýabr – parahatçylyk we ösüş üçin Bütindünýä ylym güni. Bu baýramçylyk her ýyl bütin dünýäde ylmyň peýdalary barada köpçülige habar bermek maksady bilen bellenilip geçilýär.
Şeýle-de bu gün halkara hasapçylar güni hem bellenilýär.
Penşenbe. Her ýyl noýabr aýynyň ikinji penşenbesinde Bütindünýä hil güni bellenilýar. Bu gün 1989-njy ýylda döredilip, hepdäniň dowamynda hil hepdeligi hem bellenip geçilýär. Şeýle-de, 11-nji noýabrda adaty bolmadyk baýramçylyk – Bütindünýä söwda güni hem bellenilýär
Anna. 12-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammiti geçiriler.
Şenbe. 13-nji noýabrda köp ýurtlarda däp bolup gelýän baýramçylyk – Bütindünýä hoşniýetlilik güni bellenilýär. 1998-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Tokioda Bütindünýä hoşniýetlilik hereketiniň 1-nji konferensiýasynyň açylyş güni boldy.
Ýekşenbe. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi – 14-nji noýabr ýurdumyzda hasyl toýy bellenilýär.
Duşenbe. 15-nji noýabrda dünýäniň birnäçe döwletleri Bütindünýä gaýtadan işlemek gününi belleýärler. Bu baýramçylygyň esasy maksady daş-töweregi hapa galyndylardan arassalamak hem-de täze zatlary oýlap tapmakdan ybarat.
Gyzlargül Annagurdowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
12-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama