JEMGYÝET

“Halkbank terminaly” halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň «Halkbank»  döwlet täjirçilik banky söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň eýelerine hem-de olaryň müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, sanly bank önümi bolan «Halkbank terminal» atly täze hyzmatyň işe girizilendigini habar berýär.  Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde mälim edilýär.

«Halkbank terminal» — bu döwrebap we ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanan hem-de nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyňýerini tutup biljek ykjam programma üpjünçiligidir. Siz «Halkbank terminal» mobil ulgamyny öz ykjam telefonyňyzda gurnamak bilen, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyňjemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlaryňmümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz.

Satyn alnan harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy ykjam telefonyňyzda ornaşdyrylan «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly girizilýär hem-de töleg geçirilýär. Ykjam telefonlarda «NFC», ýagny galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin müşderiniň bank kartyny degişli telefona ýakynlaşdyrmagy ýeterlikdir.

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanyň!

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-48-37; 44-49-27.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy