JEMGYÝET

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Buharest uniwersitetiniň arasynda duşuşyk geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti, Rumyniýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde Buharest uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça prorektory Konstantin Wika bilen duşuşdy. Şeýle-de, bu duşuşyga Buharest uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri we Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň işgärleri hem gatnaşdy.

Rumyn tarapy türkmen kärdeşlerine Buharest uniwersitetiniň taryhy we ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag şeýle-de, bilim işleriniň esasy ugurlary, şol sanda käbir innowasiýa ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew türkmen ýokary okuw mekdebiniň Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny belläp, iki uniwersitetiň arasynda akademiki hereket, şol sanda talyp alyş-çalşygy barada şertnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar halkara arbitraž kanunçylygynda bilelikdäki magistratura maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler. Buharest uniwersiteti Ýewropanyň öňdebaryjy hukuk mekdepleriniň biri hökmünde meşhurdygyny göz öňünde tutup, bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi, halkara hukugy ugrunda ýokary derejeli milli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolar diýip bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýakyn geljek üçin özara bähbitli gatnaşyklaryň barha berkemegi ugrunda ylalaşyklary gazandylar we ýokary guramaçylykly geçirilen duşuşyk üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.

Ýene-de okaň

Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy

Nebitgaz boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir