BILIM

Halkara matematika olimpiadasy geçiriler

3-4-nji maýda Bilim ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň guramagynda onlaýn görnüşinde “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 5-8-nji maý aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Halkara matematika olimpiadasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde, beýleki birnäçe döwletleriň talyplary gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýän şeýle wekilçilikli forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

 

23-nji mart hem dynç alyş güni

 

Related posts

Talyp-2023: Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Türkmenistanyň wekiliýeti Marokkodaky halkara maslahata gatnaşdy

Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasy geçiriler