JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň gyzgyn salamyny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Telefon söhbetdeşligiň barşynda dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynda we Özbegistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynda, şeýle hem köptaraplaýyn guramalaryň meýdançalarynda geçirilen duşuşyklarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.

Ähli ugurlarda amala aşyrylýan hyzmatdalygyň işjeňleşdirilmegi uly kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Söwda möçberleri artýar, senagat, energetika pudaklarynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, sebitara gatnaşyklar netijeli ösdürilýär, medeni-ynsanperwer alyş-çalşygynyň çäklerinde maksatnamalar amal edilýär.

Parlamentara gepleşikleriň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde-de täze derejä ýetendigi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar we iki doganlyk halka abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy