JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Mintimer Şaýmiýewi doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi bilen mähirli salamlaşyp, ony doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Mintimer Şaýmiýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin hoşallygyny beýan edip, ynanyşykly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Mintimer Şaýmiýewiň parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet işgäri we gowy dost hökmünde tanalýandygyny, oňa belent hormat goýulýandygyny aýratyn belledi. Ol uzak döwrüň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşdy.

Häzirki wagtda türkmen-tatar hyzmatdaşlygy barha okgunly häsiýete we ýokary ösüş depginine eýe bolýar. Muňa yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr özara saparlar ýardam berýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistanda resmi saparda bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygyny ýatlady.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagt we Tatarystanyň ösüşiniň, doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri