PEÝDALY MASLAHAT

Halaç etrabynyň ýaşaýjylary biometrik pasport üçin Kerki etrap bölümine ýüz tutmaly

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjylary biometrik pasportlar üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölümine ýüz tutmalydyr. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.

Hususan-da gullugyň ýaýradan bildirişinde şeýle diýilýär:

Hormatly Halaç etrabynyň ýaşaýjylary!

2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölümine ýüz tutmalydygyňyzy habar berýäris.

Salgy: Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň Körbaşy köçesiniň 11-nji jaýy
Telefon: 800444 2-05-16

Ýene-de okaň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy şulary ýatladýar

Ata Watan Eserleri

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri