DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow özüniň ilkinji resmi saparlarynyň birini Türkmenistana amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew belläp geçdi.

“Sputnik Tajikistan” internet saýtynyň habaryna görä, Gyrgyz Respublikasynyň ýakyn wagtda amala aşyrmagy göz öňünde tutýan saparlary barada maglumat berildi. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, Prezident Japarowyň Özbegistanda, Türkmenistanda, Hytaýda, Täjigistanda saparda boljakdygy aýdyldy.

Ýurtda 10-njy ýanwarda geçirilen prezidentlik saýlawynda beýleki dalaşgärlerden köp ses alyp, bu wezipä mynasyp görlen Sadir Japarow daşary ýurtlara ilkinji saparyny Russiýa Federasiýasyndan başlady. Martyň başynda Gazagystanda hem saparda bolan Prezident 11 ― 12-nji martda Özbegistana gelip, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda hem görkezilişi ýaly, Prezidentiň indiki maksatlary Türkmenistanda, Täjigistanda we Hytaýda hem saparda bolup, hyzmatdaşlyklary ösdürmekden ybarat.

 

Türkiýäniň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy