JEMGYÝET

«Gurtly» ýaşaýyş toplumynda täze desgalar ulanmaga berildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de söwda, medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ilaty üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan açylyş dabarasynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan dürli joşgunly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň oktýabryndaky degişli Buýrugyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda 91,06 gektar ýer böleginde bina edilen desgalaryň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň 40-synyň alyp barandygyny bellemek gerek. Toplumyň çägindäki täze binalaryň hatarynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, söwda we medeni-dynç alyş merkezi, 2 gatly söwda dükanlarynyň 10-sy, şeýle-de bazar bar.

Täze ýaşaýyş jaýlary jemi 3 müň 70-e golaý hojalyga niýetlenendir. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döwrebap öýleriň açaryny eline alan bagtyýar ildeşlerimiz bu ýerde oňaýly ýaşamak üçin ähli amatlyklaryň we zerur şertleriň göz öňünde tutulandygyny belleýärler.

Şu habarymyzda bu ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasynyň fotosuratlaryny hem synlap bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi