JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygy bellener

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine baryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak ugrunda görülen taýýarlyk işleri, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berdi.

Häkim maglumatyň çäklerinde şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadaga ýüzlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň we ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmegiň dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Şeýle hem Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde dabaralaryň geçiriljek ýerlerini kesgitlemek, onuň medeni maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi