TEHNOLOGIÝA

Günorta Koreýada uçýan taksi synaglary başlady

Geçen ýyl 2025-nji ýyla çenli täjirçilik howa gatnawyna başlamagyň ýol kartasyny yglan eden Günorta Koreýa bu mesele boýunça täze maglumatlary paýlaşdy. Uçýan awtoulaglaryň 2025-nji ýyla çenli esasy howa menzilleri bilen Seul şäher merkeziniň arasynda taksi hyzmatyny amala aşyrjakdygyny mälim eden ýurduň Ulag ministrligi syýahat wagtynyň üçden iki bölegine azalmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Netijede, 30-50 kilometre çenli aralyk awtoulagda 1 sagatda, howa gatnawy arkaly bolsa 20 minuta çeker. Paýtagt Seulyň “Gimpo” howa menzilinde geçirilen çärä hödürlenen uçýan awtoulaglar bilen synag uçuşyny amala aşyran uçarman Germaniýanyň “Volocopter” tarapyndan işlenip düzülen iki orunlyk “Volocopter 2X” modeli bilen uçuş amala aşyrdy. Seulyň şäher häkimligi bilen bilelikde geçirilen synagyň çäginde 6 sany uçarmansyz taksi Ýouido sebitine ýolagçysyz uçdy.

Synag dabarasynda çykyş eden ulag ministri Noh Hýong-ouk: “Şäher howa hereketi (UAM) tehnologiýasynyň raýatlaryň gündelik durmuşda ulanýan umumy ulag serişdeleriniň birine öwrülmegine garaşylýandygy sebäpli, synagdan geçirmegimiz hökmanydyr we dürli sazlamalarda synag hyzmatlaryny berjaý etmelidir.”- diýip belledi.

Dik uçuş we gonmak üçin dikuçara meňzeş ulaglary uçarmansyz ulanylyp bilinjekdigi we özbaşdak hereket edip biljekdigi nygtaldy. Günorta Koreýanyň hökümeti 2025-nji ýyldan başlap “uçarmansyz taksileri” goldamak üçin ýol dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmagy maksat edinýär.

Günorta Koreýaly inženerler şäherdäki dyknyşyklary aradan aýyrýan 30-dan 50 kilometre çenli aralykdaky ulag hyzmatynyň üstünde işleýärler, dik uçmaga we şäher ýerlerine gonmaga ukyply elektrik energiýasy bilen işleýän uçarlary ulanylar.

 

Türk geňeşiniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar