JEMGYÝET

Gruziýanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistana sapary başlandy

Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sapar bilen Türkmenistana geldi.

Bu barada Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligi mälim edýär. Gruziýanyň wekiliýetini Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow garşylady.

Saparyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri bilen ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Mariam Kwriwişwili Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň bäşinji mejlisine gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili şu ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Tbiliside duşuşypdy.

Related posts

Dünýäniň iň gowy şäheri belli boldy

Türkmen telekeçileri üçin eksport seminary

vepa

Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň taslamalary hödürlendi

Ata Watan Eserleri