DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde Halkara ulag forumynyň ýyllyk sammiti geçirilýär

Germaniýanyň Leýpsig şäherinde Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde Halkara ulag forumynyň (ITF) ýyllyk sammiti öz işine başlady. Azerbaýjanyň metbugatynyň habar bermegine görä,  sammitiň mowzugy — “Durnukly ulagy maliýeleşdirmek” — howanyň üýtgemegi, şäherleşmek we tehnologiki innowasiýalar şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Sammitiň açylyşyna bagyşlanan metbugat maslahatynda Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew şu ýyl özüniň 20 ýyllygyny belleýän ITF-e üznüksiz hyzmatdaşlygy we çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de, ähli agza ýurtlara we hyzmatdaşlara umumy ulag gün tertibini ösdürmekde işjeň gatnaşyklary we goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň ITF-e başlyklyk döwrüni hyzmatdaşlyk ruhunda alyp barandygyny hem-de guramanyň has güýçli we inklýuziw platforma öwrülmegi üçin zähmet çekendigini nygtady.

Onuň bellemegine görä, Azerbaýjanyň başlyklyk eden döwründe guramanyň institusional işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi we agza ýurtlar bilen gurlan konstruktiw hyzmatdaşlygyň netijesinde Iş maksatnamasy boýunça ylalaşyk gazanyldy. Ministr Azerbaýjanyň ITF-iň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp, ýurdumyzyň başlyklyk gün tertibini bäş sany esasy ileri tutulýan ugur boýunça kemala getirendigini we bu sammitde şol ugurlar boýunça anyk netijeleriň hödürlenýändigini dykgata ýetirdi.

ITF-iň Baş sekretary Ýon Te Kim Azerbaýjanyň başlyklyk döwründe forumyň işine uly goşant goşandygyny aýtdy we munuň dürli tejribeleri öwrenmek nukdaýnazaryndan ähmiýetini aýratyn belledi. Ol üstünlikli başlyklyk üçin kanagatlanma bildirip, Azerbaýjan hökümetiniň ITF-e berýän işjeň goldawy we ýurt bilen guramanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk barada durup geçdi.

2008-nji ýyldan bäri ITF-iň agzasy bolan 69 ýurduň ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, parlament agzalary, şeýle hem işewürlik we ylym dünýäsiniň wekilleri ulagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin her ýyl Leýpsig şäherine ýygnanýarlar.

Gatnaşyjylaryň sany eýýäm diňe 69 agza ýurt bilen çäklenmän, 80-den gowrak ýurtdan 1200-den gowrak wekili öz içine alýar. Bu bolsa çärä bolan gyzyklanmanyň ýyldan-ýyla artýandygyny we forumyň işewürlik pudagynyň ünsüni has-da çekýändigini görkezýär. Şeýlelikde, kompaniýalaryň ýolbaşçylary ýokary derejeli çekişmelere gatnaşýarlar, kärhanalar bolsa sammitiň çäginde geçirilýän sergide öz işlerini tanyşdyrýarlar.

2026-njy ýylyň sammiti ITF-iň 2025–2027-nji ýyllary öz içine alýan we ulagda durnuklylyk temasyna bagyşlanan “üçlemiň” (trilogiýanyň) ikinji bölegidir. Şu ýylky sammit ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny güýçlendirmegiň ýollaryny öwrenip, uzak möhletleýin geljekde ulag infrastrukturasynyň we amallarynyň has gowy baglanşygyny, netijeliligini we ygtybarlylygyny üpjün etmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

CNN-iň esaslandyryjysy Ted Terner aradan çykdy

Arap – Ýeňiş ýörişini bezän ahalteke bedewi

“Zaha Hadid Architects” global dizaýn garaýyşlaryny «Ak şäherim Aşgabat» maslahatyna getirýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumyna gatnaşýar

Prezident Ärdogan: Türkiýe durnukly ösýär

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy