JEMGYÝET

“Green Card” 2027: resminamalary kabul edişlik ýakynda yglan ediler,

ABŞ DV-2027 Programmasynyň Hasaba Alyş Seneleri Ýakyn Günlerde Yglan Ediler. Bu barada 2025-nji ýylyň noýabr aýyndaky Wiza Býulleteninde aýdylýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň 2025-nji ýylyň noýabr aýyndaky Wiza Býulletenine görä, DV-2027 “Diversity Visa” (Green Kart) programmasy üçin hasaba alyş döwrüniň seneleri ýakyn aýlarda giňden yglan ediler.
Programma gatnaşmak isleýänler üçin Döwlet Departamenti resmi “Diversity Visa” web sahypasyny yzygiderli barlamagy maslahat berýär.
Eýsem “Green Card” näme?
Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň “Green Card” (Grin Kard ) Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.
Grin Karda her kimiň özüniň ýüztutmalydyny ýatlatmak isleýäris.  Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatyny  täzeden ýatlatýarys!  Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr. Ýakynda  habar berişimiz ýaly bu ýylky resminama tabşyrylyş tölegli bolup, tölegiň möçberi 1(bir)  amerikan dollaryna barabardyr. Töleg haýsy hasapdan we nähilli görnüşde tölemeli barada ýakynda saýtymyzda giňişleýin habary Size ýetireris.
Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geçen ýyl ýaýradan maglumatyny  täzeden ýatlatýarys!  Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.
Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!
Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz. DW-2027 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris.

Ýene-de okaň

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi