MEDENIÝET

Golliwudyň meşhur ýyldyzlary Türkiýe Respublikasyna geler

Golliwudyň dünýä belli artistleri «X-The END Time» atly filmiň birnäçe böleklerini düşürmäge Türkiýe Respublikasyna geler. “The Lord of the Rings” filminiň baş gahrymany Eliýas Wud bilen bilelikde Jessika Morris, Robert La Sardo, Maýk Ferguson, Jelal Jamal, Tiffani Roz, Barri Allan Onody, Laýni Rodes, Kylin Kalani we Wilma Elles ýaly dünýä belli artistler dörediljek filmde surata düşerler. Bu film, esasan hem, Türkiýe Respublikasynda we ABŞ-da surata düşüriler. «X-The END Time» ekran eseri türk-amerikan film birleşikleri tarapyndan bilelikde dörediler. Bu filmi 2021-nji ýylyň aprel aýynda tomaşaçylara ýetirmek meýilleşdirilýär. Artistleriň ählisi bu filmiň şowly çykmagy ugrunda özleriniň yhlasly zähmetini gaýgyrman saldamly goşantlaryny goşar.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy