SPORT

Gilýermo Abaskal şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Russiýanyň “Spartak” topary baş tälimçisi Gilýermo Abaskal bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Moskwanyň topary 33 ýaşly tälimçi bilen 2025-nji ýylyň tomsuna çenli işleşmegi maksat edindi.

Ispan hünärmeni 2022-nji ýylyň tomsunda rus toparyna tälimçi hökmünde wezipä bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda rus topary 24 resmi duşuşykda 15 ýeňiş gazandy we 6 gezke ýeňildi.

Russiýanyň milli çempionatynda 17-nji tapgyryň ahyrynda “Spartak” topary ikinji orunda barýar we çempionatyň kerwenbaşysy “Zenit” toparyndan 6 utuk yzda galýar.

Şeýle hem bu topar Russiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda hem 1/4 finala çykdy.

Related posts

16 ýyllyk arzuwy hasyl boldy – Nowak Olimpiýa çempiony

Çempionlar ligasy: “Mançester Siti” 13 ýyldan soňra 1/8 finala çykyp bilmedi

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Leave a Comment