BIZNES

«Bureau Veritas” klassifikasion jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk täze sepgitlere çykýar

Häzirki wagtda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýetiniň arasynda (BV) baglaşylan «Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk dowam edilýär.

Ýaňy ýakynda BV-niň guramagynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyryp, «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Okuw sapaklarynyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň kabul eden birnäçe konwensiýalarynyň üstünde durlup geçildi. Şeýle-de, gämileriň howpsuz ýüzüşiniň üpjün edilmegi we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüniň almagynyň üpjün edilmegi babatynda esasy talaplaryň iş ýüzünde ulanyşynyň tertibi we düzgünleri barada dürli çäreler hem-de usulyýet amallary bilen tanyşdyryldy. Okuw sapaklaryny özleşdirmek hem-de tejribe geçmek maksady bilen, Gazagystan Respublikasynyň Bautina portunda gämilerde anyklama barlaglaryň geçirilişi bilen ýerinde tanyşdyryldy.

Geçirilen okuwlaryň netijesi boýunça Agentligiň hünärmenlerine «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar